Trýudo Kanadanyň Premýer-ministri wezipesinde galmakçydygyny tassyklady

Trýudo Kanadanyň Premýer-ministri wezipesinde galmakçydygyny tassyklady

Kanadanyň Hökümet başlygy Jastin Trýudo özüniň Ministrler Kabinetindäki özgerişliklere garamazdan, wezipesinde galmakçy. Ol bu barada Kwebek ülkesindäki Gatino şäherinde ýurdy dolandyryjy Liberal partiýanyň agzalarynyň we tarapdarlarynyň öňünde eden çykyşynda nygtady. Onuň çykyşyny milli teleýaýlymar görkezdi diýip, TASS ýazýar.

Men başga hiç bir ýurduň Premýer-ministri bolmazdym. Kanadanyň Premýer-ministri bolmak beýik mertebedir diýip, Trýudo ýygnananlaryň makullaýjy sesleri astynda aýtdy. Trýudo şeýle-de partiýadaky kärdeşlerini öňdäki Roždestwo baýramynda maşgalasynyň arasynda güýç toplap, işe dolanyp gelmäge we ýene-de kanadalylaryň durmuşyny gowulandyrmak ugrunda zähmet çekmäge çagyrdy.

Öň CTV teleýaýlymy Premýer-minstr öz orunbasary we maliýe ministri Hristi Frilandyň Hökümeti terk etmegi bilen baglylykda, işden gitmegi meýilleşdirýär diýip habar beripdi. Ýurduň ýaşaýyş jaý gurluşygy, infrastruktura we jemagatlar ministri Şon Freýzer hem Kanadanyň Ministrler Kabinetinden gidýändigi barada yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Trýuda Liberal partiýanyň liderliginden we Premýer-ministrlik wezipesinden çekilýär
Kanadanyň Mediasy: “Trýuda Duşenbe Güni Wezipeden Çekilip Biler”
Sigure Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary