Donald Tramp özüniň Russiýa-Ukraina urşuny bes etdirip biljek we dünýä urşunyň öňüni alyp biljek ýeke täk adamdygyny öňe sürýär.
Donald Tramp: "Ukrainada başdan geçirilýänlere ser salyň. Russiýa hüjüm edýärler. III Jahan urşy golaýlap gelýär" diýip belledi.
Tramp mundan başgada: "Süýri ofise barmazdan ozal, prezident saýlawynda ýeňiş gazananymdan soň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky bu aýylganç söweşi bes etdirerin, muny çalt ýerine ýetirerin" diýip nygtady.
ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň aýdanlaryny teswir eden Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Günbataryň uruşy "iň soňky derejä çenli" güýçlendirendigini aýtdy.