TRT World Forumda Palestina Meselesi Ara Alynyp Maslahatlaşylar

TRT World Forumda Palestina Meselesi Ara Alynyp Maslahatlaşylar

Sagat 20-de başlajak “Palestina göreşinde täze tapgyr?” atly maslahatyň myhmany Palestinanyň milli dolanşygynyň Britaniýadaky wekili Husam Zomlot bolar. Maslahatyň moderatorlygyny bolsa Marmara uniwersitetiniň Sosiologiýa bölüminiň mugallymy we “TRT World Forum” ylmy barlag merkeziniň baýry agzasy Talip Küçükjan ýerine ýetirer.

Maslahatda Ysraýylyň esgerleriniň Gündogar İýerusalimde we Gazada palestinalylara garşy birnäçe gün dowam eden aşa güýç ulanmagyndan soň Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşygyň güýje girmegi hem-de Palestina söweşindäki täze tapgyrda başdan geçiriljekler bilermenler tarapyndan ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahata, TRT World Forumyň YouTube (@trtwordlforum), Facebook (@trtwordlforum), Twitter (@trtwordlforum) hesaplaryndan göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Ertir sagat 18:00-da göni ýaýlymdan beriljek “Kino we göreş: “The Place” atly film mowzukly “Reflection” söhbetdeşliginde bolsa halkara jemgyýetçiliginde seslenme döreden “The Place” filmniniň palestinaly wideorežisýory we režisýory Omar Rammal gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
“Gazada Hüjümler Gyssagly Bes Edilmeli”
Dünýäniň ünsi ýene-de bir gezek Türkiýä gönükdi
Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
Hakan Fidan Ýaraglanmanyň Artandygyna Ünsi Çekdi
TRT World Forum Stambulda Geçiriler