Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy tarapyndan guralan TRT World Forum “Öwrülşik nokadyndaky dünýä: Çökgünlikleri we özgerlişikleri gönükdirmek” mowzugy bilen 29-30-njy noýabrda Stambul şäherinde geçiriler.
TRT-niň Baş müdiri Zahid Sobajy işkinjisi 2017-nji ýylda geçirilen TRT World Forumyň ünsleri Türkiýä gönükdirjekdigini aýtdy.
TRT World Forumy dünýäniň eşretli we adalatly geljegini gurjak pikirleriň ara alynyp maslahatlaşylmagyna şert döretmek maksady bilen guraýandyklaryny aýdan Sobajy, dünýäde başdan geçirilýän wakalary bir merkezli media garaýyşyndan halas etmek ugrunda uzak ýyllardan bäri edýan tagallalaryny giň perspektiwden, has güýçli beýan etmegiň ýollaryny gözleýändiklerini beýan etdi.
TRT World Forumyň diňe bir pikir alyşma platformasy däl, şol bir wagtda-da halkara meselelere anyk çözgüt teklipleriniň hödürlenýän aragatnaşyk giňişligidigini nygtan Sobajy; “Şu nukdaýnazardan Forumymyz global derejede bilermenleri duşuşdyryp, hyzmatdaşlyga şert dörediji pozisiýa eýeleýär.
TRT World Forum bilen dürli sebitlerde ejir çekýänleriň seslerine gulak gabardýarys.Ejir çekýänleriň ýany bilen, ýok hasap edilýänleri we ýekelige sezewar edilenleri hem halkara gün-tertibiniň öňdäki hatarlaryna goşýarys.
TRT World Forum şol bir wagtda-da Prezidentimiz Hormatly R.T.Erdoganyň “Dünýä bäşden uludyr” sözünde beýan tapýan we “Dünýäniň hasam adalatly bolmagy üçin şertler bar” düşünjesi bilen kuwwatlandyran düşünjesiniň beýanydyr.
Ejir çekýäne zulum edýän, zulum edilene dymýan hökmürowan global ulgama garşy durmagyň beýanydyr. Şuny aýratyn nygtasym gelýär: Biz TRT World Forumy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda urşuň ýerine parahatçylygy, meseläniň ýerine çözgüdi goýýan we bütin adamzadyň hukugyny goraýan ýurdumyzyň şu garaýyşyndan alýan ylhamymyz bilen guraýarys.
Halkara ylalaşyklarynyň gazanylmagyna we dünýäniň gelejegini gyzyklandyrýan her bir meselede pikir alyşmaga şert döredýäris” diýdi.
Sobajy Prezident Erdogan yň we ministrleriň Foruma gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.
Zahid Sobajy bilermenleriň we alymlaryň arasynda geçiriljek tegelek stol maslahatlarynda Afrikadan Ýewropa, Orta Aziýadan Ýuwaş Umman sebitine, dünýäniň ençeme sebitinde başdan geçirilýän esasy meselelere we soraglara çözgütleriň hem-de jogaplaryň gözlenjekdigini gürrüň berdi.