TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar

TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar

Dünýäniň iň uly ýaýlym bileleşiklerinden biri bolan Aziýa-Umman ýaýlym bileleşigi ABU-da Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-niň täsiri gün saýyn artýar.

TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobaju noýabr aýynda bir agyzdan ABU-nyň başlyklygyna saýlanypdy.

Soňky gezek Haber toparynyň başlyklygyna hem TRT Habar saýlandy.

Taýlandyň paýtagty Bankokda geçirlen sese goýulşykda TRT Haber, ABU-nyň Habar toparynyň başlyklygyna saýlandy.

3 ýylyň dowamynda TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajynyň ýolbaşçylygynda alnyp baryljak işlerde Habar toparyna TRT Habar kanalynyň utgaşdyryjy Ahmet Görmez wekilçilik eder.

Ýaponiýanyň NHK telewideniýesi bilen Awstraliýanyň ABJ telewideniýesiniň wekilleri hem Habar toparynyň başlygynyň orunbasarlary wezipesini ýerine ýetirer.

ABU-nyň 65 ýurtdan 246 agzasy bar we dünýäde 3,5 milliard adama ýaýlym berýär.

ABU-nyň nobatdaky maslahaty TRT-niň ýer eýeçiliginde oktýabr aýynda Stambul şäherinde geçirler.

Ýene degişli makalalar

ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
Uýgur Türkçesi