TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar

TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan berlen beýannama görä, halkara derejesindäki ýaýlymlary bilen ünsleri özüne çekýän guramanyň halkara digital habar platformalarynyň hataryna ýene-de biri goşulýar.

Türkiýäniň sesini dünýäniň çar tarapyna ýetirmegi maksat edinen we şol maksadyna ýetmek üçin uly tagalla edýän TRT, şu gün Stambul şäherinde “TRT-Ispan dilinde gepleşýän ýurtlaryň 1-nji ýaýlym sammitini” geçirýär.

Sammitiň çäginde ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy hem tanyşdyrlar.

Sammite, Ispaniýanyň, Meksikanyň, Kolumbiýanyň, Argentinanyň, Perunyň, Wenesuelanyň, Guatemalanyň, Ekwadoryň we Boliwýanyň başda durmagynda ispan dilinde gepleşýän 18 ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden 17 başmüdür, 21 žurnalist,16 ýolbaşçy bilen Türkiýede ýokary bilim alýan Latyn Amerikaly we ispaniýaly 40 talyp gatnaşar.

Tanyşdyrlyş çäresinden soň dürli oturluşyklar geçirler.

Ýene degişli makalalar

Saha Türkçesi - 2
Tatar Türkçesi - 2
Kumyk Türkçesi
Uýgur Türkçesi - 2
Tatar Türkçesi - 1
Uýgur Türkçesi
Türk dialektleriniň toparlara bölünişi