Trass hökümet başlygy wezipesine bellendi, täze hökümet düzüldi

6-njy sentýabrda Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II dynç alyşyny geçirýän Şotlandiýanyň Balmoral galasynda Boris Jonsony hem-de Liz Trassy kabul etdi. Ýelizaweta II täze saýlanan premýer-ministre hökümeti düzmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, Trass resmi ýagdaýda ýurduň hökümet başlygy wezipesini eýeledi.

Bu duşuşygyň yzysüre Trass hökümetiň täze agzalaryny mälim etdi.Tereza Koffi Saglygy goraýyş ministri hem-de premýer-ministriň orunbasary wezipesine bellendi.Boris Jonsonyň döwründe Işewürlik boýunça Döwlet ministri bolan Kwasi Kwarteng täze maliýe ministri boldy.

Jeýms Klewerli daşary işler ministri wezipesine bellendi. Şu ýylyň iýulynda Konserwatiw partiýanyň lideri hem-de ýurduň hökümet başlygy wezipesine Liz Trass bilen bilelikde dalaş eden Suella Brawerman içeri işler ministri boldy.

Brandon Lýuis Adalat ministri boldy.Liz Trass Beýik Britaniýanyň taryhynda 56-njy Premýer-ministr, Ýelizaweta II döwründe 15-nji Premýer-ministr hem-de bu wezipede işlän üçünji zenan boldy Mundan ozal Margaret Tetçer (1979-1990) we Tereza Meý (2016-2019) bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň täze premýer-ministri Liz Trass bolar
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri belli boldy  
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Wezipesinden Çekildi
Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri