Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orny

19-njy noýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agenstliginiň (USAID) Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa maksatnamasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Türkmenistandaky wekiliýeti, Içeri işler ministrligi, Baş prokuratura we beýleki halkara we ýerli hyzmatdaşlar Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm ähmiýeti temasy boýunça möhüm çäre geçirdi.

Bu çäre, Dünýäniň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş güni mynasybetli geçirildi.Bu çäre guramaçylykly jenaýatyň we adam söwdasynyň öňüni almak maksady bilen 100-den gowrak ýaşlary, şol sanda talyplary, meýletinçileri we Sebitleýin Ýaşlar Ulgamynyň agzalaryny jemledi.Bu başlangyç, ýaşlary has ygtybarly dünýä üçin çözgüt tapmaga ruhlandyrmak üçin jemgyýetçilik guramalaryny we hususy pudagyndan hemaýatkärleri bir ara getirdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle diýdi: “Palermo teswirnamasy kabul edilenden we ABŞ-nyň adam söwdasynyň pidalaryny goramak kanuny kabul edileli bäri ABŞ adam söwdasyna garşy global göreşde esasy rol oýnady.

Türkmenistan hökümeti bilen gowşak gatlaklardan adamlary goramak we mejbury zähmetiň we çagalaryň ekspluatasiýasynyň öňüni almak üçin işleýändigimize buýsanýarys.” BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko şeýle belledi: “Guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde ýaşlara güýç bermek hemmeler üçin has ygtybarly we durnukly geljegi üpjün etmegiň iň täsirli usullaryndan biridir.

Bu çäre hökümetiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we ýaşlar toparlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň durnukly özgerişler üçin güýçli gural bolup biljekdigini görkezdi. Ýaşlar habarly bolanda, gatnaşanda we olara goldaw berlende, olar öz jemgyýetlerinde adalatyň we howpsuzlygyň güýçli tarapdarlary bolýarlar. ” Çäräniň dowamynda milli ýaşlar bäsleşigi, orta we ýokary mekdep okuwçylary bilen interaktiw sapaklar, şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerinde çekişmeler geçirildi.

Skechers, Däp, Iş Nokady we Atawatan habar portaly ýaly hususy pudagyň hemaýatkärleri we öňdebaryjy jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri guramaçylykly jenaýatyň öňüni almakda ýaşlaryň möhüm orunlary barada çykyş etdiler.Bu çäre ýaşlaryň öz pikirlerini we tekliplerini beýan etmekleri üçin giň mümkinçilik döretdi. Çäräniň maksady, döwlet, hususy we jemgyýetçilik pudaklarynyň bilelikdäki tagallalary arkaly jemgyýetiň durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda anyk we netijeli özgertmelere ylham bermekden ybarat boldy. /* custom css */ .td_uid_15_673f22f8313a4_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673f22f8313a4_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BSG-ä goşulmaga taýýarlyk görýär
Fransiýanyň taryhynda iň ýaş Hökümet başlygy bellendi
ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
7-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi ýurtdaky işiniň tamamlanmagy mynasybetli metbugat maslahatyny geçirdi