Transfermarkt Beknazarowy Narwa Transyň düzümine goşdy

Transfermarkt Beknazarowy Narwa Transyň düzümine goşdy

Transfermarkt statistika portaly Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Mirza Beknazarowy futbol boýunça Estoniýanyň çempionatynyň Premium ligasynda çykyş edýän Narwa Trans toparynyň düzümine goşdy.

23 ýaşly Beknazarowyň ozalky topary Ahal bolupdy. Ol ýanwar aýynda erkin agent hökmünde Ahal bilen hoşlaşypdy.

Mirza Beknazarowyň häzirki transfer bahasy Transfermarkt portaly tarapyndan 150 müň ýewro barabar hasaplanylýar. Onuň eston topary bilen baglaşan şertnamasy 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

Ýeri gelende bellesek, Narwa Trans Estoniýanyň Kubogynyň finalynda Tallin şäheriniň Flora toparyndan üstün çykyp, 2023/24-nji ýylky möwsümde ýewrokubok ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

Narwa Trans Konferensiýalar ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynda Ermenistanyň Pýunik topary bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun 13-nji iýulda Ýerewanda (Ermenistan), jogap gapma-garşylygy bolsa 20-nji iýulda Rakwerde (Estoniýa) bolup geçer.

Ýene degişli makalalar

Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Türkmenistanyň ýygyndysy Eýrandan kiçi hasap bilen ýeňildi
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady