Transfer täzelikleri

Italiýanyň “Milan” topary transferden doýanok. Öňki rowaç günlerine dolanmagyň aladasynda bolan italýan topary “Baýerden” türkiýeli ýarymgoragçy Hakan Çalhanogluny 4 ýyllyk şertnama bilen hataryna goşdy.Bu transfer üçin “Milan” topary “Baýere” 20, goşmaçalar bilenem jemi 24 million ýewro berer. 23 ýaşly oýunçy her ýyly üçin 2,5 million ýewro hak alar. Şeýle-de “Milan” Angliýada 2-nji liga düşen “Sanderlendden” italiýaly 26 ýaşly hüjümçi Fabio Borinini 1ýyllyk kärendesine transfer etdi.

***

Türkiýäniň “Galatasaraý” topary 3 sany oýunçy transfer etdi. Türk topary “Swansiden” fransiýaly hüjümçi Bafetimbi Gomisi 2,5 million ýewro, Kiýewiň “Dinamosyndan” marokkoly ýarymgoragçy Ýunes Belhandany 8 million ýewro, “San Paulodan” hem braziliýaly goragçy Maikon Rokony 7 million ýewro töläp, öz hataryna goşdy. Olaryň ilkinjisi bilen 3, beýlekiler bilenem 4 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

***

“La Liganyň” wise-çempiony “Barselona” ozalky oýunçysy, 23 ýaşly Žerar Deulofeuny täzeden hataryna goşdy. Bu transfer üçin “Ewertona” 12 million ýewro berjek “Barselona” başga bir oýunçysy Kristian Teýýony bolsa, düzüminden ymykly çykardy. Katalonlar 26 ýaşly oýunçysyny “Betis” klubuna ugratdy. “Barselona” bu transferden 5 million ýewro gazanar. Teýýo täze topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

***

26 ýylyny “Çelside” geçiren rowaýaty goragçy Jon Terri möwsümiň ahyrynda klub bilen ýoluny aýrypdy. 36 ýaşyndaky iňlis futbolçysy tamamlanan möwsümde 2-nji liga düşen “Aston Willa” topary bilen 1 ýyla niýetlenen geleşik gazandy. Ol täze toparynda-da 26-njy belgili köýnekçäni geýer.

***

Ganaly meşhur futbolçy Asamoa Gýan BAE-niň “Al-Ahli” toparyndan Türkiýäniň “Kaýserispor” klubuna transfer boldy. 31 ýaşly hüjümçi türk kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Udineze”, “Modena” (ikisem Italiýa), “Renn” (Fransiýa), “Sanderlend” (Angliýa), “Al-Ain” (BAE) hem-de “Şanhaý SIPG” (Hytaý) klublarynda oýnan Gýan milli ýygyndyda 103 duşuşykda 50 gol geçirdi.

***

Fransiýanyň “Olimpik Marsel” topary “Wolfsburgdan” 8 million ýewro töläp, braziliýaly ýarymgoragçy Luis Gustawony hataryna goşdy. 29 ýaşly oýunçy 3 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ol “Korintians”, “Hoffenhaým” we “Bawariýa” toparlarynda oýnapdy.

***

Afrikanyň futbol älemine goşan iň uly ýyldyzlaryndan liberiýaly Jorj Weanyň 17 ýaşly ogly hem kakasynyň ýoluny ýöredýär.Timoti Wea Fransiýanyň PSŽ topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Nýu Ýorkda dünýä inen Timoti UEFA Ýaşlar Çempionlar ligasynda PSŽ-niň düzüminde oýnapdy.Ol PSŽ-niň “Ludogores” bilen geçiren duşuşygynda het-trik edip, köpleriň ünsüni özüne çekipdi.Timotiniň kakasy, “Altyn topuň” eýesi Jorj Wea hem bir wagtlar, has takygy, 19921995-nji ýyllarda PSŽ-niň köýnekçesini geýipdi.

***

“Real Madridiň” portugaliýaly goragçysy Pepe (doly ady Kepler Laweran Lima Ferreira) Türkiýäniň çempiony “Beşiktaş” bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Tölegsiz “Beşiktaşa” geçen 33 ýaşly oýunçy her ýyly üçin 3,5 million ýewro golaý hak alar.

***

Angliýanyň “Liwerpul” topary Italiýanyň “Roma” klubundan müsürli hüjümçi Mohamed Salahy transfer etdi. 25 ýaşly oýunçy uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. “Mersisaýd” tarapy italýan toparyna Salah üçin 42 million ýewro tölär.

Ol goşmaçalar bilen 50 million ýewro hem baryp ýeter. Şeýlelikde, Salah “Liwerpulyň” taryhynda iň gymmat transfer bolup, ondan öň Endi Kerroll rekordyň eýesidi.Salah geçen möwsümde “Romada” 31 oýunda 15 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Meşhur filmiň 2-njisi 18 ýyldan soň surata düşüriler
Samsung-yň täze akylly sagatlarynyň suratlary peýda boldy
Apple 2021-nji ýylyň iň gowy mobil goşundylaryny saýlady
Facebook 2022-nji ýylda hususy akylly sagadyny çykarar
Sportuň taryhynda şu gün 23-24-nji dekabr
SESSION ENTITLED CONTRIBUTION OF STATES AND INTERNATIONAL ORGANIZATIONS TO GLOBAL PEACE BUILDING PROCESSES WAS HELD IN THE INTERNATIONAL UNIVERSITY FOR THE HUMANITIES AND DEVELOPMENT OF TURKMENISTAN