Transfer täzelikleri

Italiýanyň “Ýuwentus” topary marokkoly goragçysy Medhi Benatiany Kataryň “El-Duhail” toparyna transfer etdi. 31 ýaşly oýunçynyň bahasy 8+2 million ýewro diýlip kesgitlenildi. Turinliler ýurduň başga bir topary “Lasiodan” ozalky oýunçysy, urugwaýly Martin Kaseresi hem möwsümiň ahyryna çenli kärendesine düzümine goşdy.

“Çelsiniň” ispaniýaly hüjümçisi Alwaro Morata 1,5 ýyldan soň, ýene-de Madride dolandy. Ol bu gezek “Real” däl-de, “Atletiko” bilen 18 aýlyk şertnama baglaşdy (kärendesine). 26 ýaşly oýunçy “Atletikoda” şowly oýun görkezse, topar ony 55 million ýewro töläp, ymykly hataryna geçirip biler.

Fransiýanyň çempiony PSŽ Russiýanyň “Zenit” toparyndan argentinaly ýarymgoragçy Leandro Paredes bilen düzümini güýçlendirdi. 24 ýaşly oýunçy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli PSŽ-niň köýnekçesini geýer. PSŽ täze oýunçysy üçin rus klubuna 40+7 million ýewro berer.

“Bawariýa” topary 31 ýaşly hüjümçisi Sandro Wagneri Hytaýyň “Tianszin Teda” toparyna ugratdy. Bu transferden “Bawariýa” 5, oýunçynyň özi-de täze klubundan ýyllyk 15 million ýewro hak alar. Wagner täze topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Angliýanyň “Nýukasl” kluby ABŞ-nyň “Atlanta Ýunaýted” toparyndan paragwaýly Migel Almirony 21 million funt sterlinge transfer etdi. 5,5 ýyllyk şertnama baglaşylan oýunçynyň bahasy “Nýukasl” üçin rekorda deň boldy.

“Monako” topary “Lester Sitiden” portugaliýaly ýarymgoragçy Adrien Silwany möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Edil şonuň ýaly-da fransuz kluby belgiýaly ýarymgoragçysy Ýuri Tilemansy möwsümiň ahyryna çenli “Lester Siti” toparyna kärendesine berdi.

Italiýaly hüjümçi Sebastian Jowinko Kanadanyň “Toronto” toparyndan Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” klubuna 3 million dollara transfer boldy. 32 ýaşly Jowinko täze kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Angliýanyň “Arsenaly” “Barselonanyň” ispan ýarymgoragçysy Denis Suaresi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. 25 ýaşly oýunçy möwsümiň ahyrynda “Arsenalda” ymykly ýagdaýda galyp biler.

Nemes kluby “Şalke” iňlisleriň “Mançester Siti” toparynyň angliýaly ýarymgoragçysy Rabbi Matondony 11 million ýewro transfer etdi. 18 ýaşly oýunçy täze kluby bilen 4,5 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.

Russiýanyň “Zenit” topary “Şahtýor Doneskiň” ukrainaly goragçysy Ýaroslaw Rakiskini öz düzümine goşdy. Rus topary 29 ýaşly oýunçy bilen 4,5 ýyllyk şertnama gol çekişdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...
PSŽ Messä täze şertnama hödürlär
Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
Britaniýada Robin Guduň agajyny çapanlara aýyplama bildirildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Kristiano Ronaldo näme üçin karýerasyny tamamlanok?!