Transfer habarlary

Möwsüme şowly başlap, häzirki wagtda çempionlykdan ep-esli daşlaşan “Borussiýa Dortmund” Şweýsariýanyň “Bazel” klubundan 22 ýaşly goragçy Manuel Akanžini transfer etdi. Dortmundlylar bu transfer üçin 22,5 million ýewrony “Bazele” berer. Şweýsariýaly goragçy täze topary bilen 4,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Bazel” Akanžini 2016-njy ýylyň tomsunda “Winterturdan” 700 müň ýewro baha transfer edipdi.

Italiýanyň “Inter” topary Portugaliýanyň “Benfikasyndan” argentinaly goragçy Lisandro Lopesi möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. 28 ýaşly oýunçyny italýan topary täze möwsümden başlap, islese öz düzümine-de geçirp biler. Argentinanyň ýygyndysynda 4 duşuşyk geçiren Lopes “Çakarita Juniors”, “Arsenal de Sarandi” hem-de “Hetafe” klublarynda oýnady.

“Arsenalyň” fransiýaly goragçysy Fransis Koklin Ispaniýanyň “Walensiýa” toparyna transfer boldy. Ispan topary bu transfer üçin 12 million funt sterlingi “Arsenal” toparyna berer. 26 ýaşyndaky oýunçy 2008-nji ýylda “Arsenalda” futbola başlapdy. Ol şu möwsümde “Arsenal” bilen 7 duşuşykda meýdança çykdy.

“Ewerton” topary Jenk Tosundan soň, ýene bir hüjümçini, has takygy, “Arsenaldan” Teo Walkotty düzümine goşdy. Olar 28 ýaşly iňlis oýunçysy bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy-da 20 million funt sterling diýlip kesgitlenildi. 12 ýyldan bäri “Arsenalda” çykyş edip gelýän Walkott aglaba ätiýaçda oturýardy. Walkott “Arsenalda” 397 oýunda 108 gol geçirdi.

Fransiýaly ýarymgoragçy Ýann M’Wila “Rubinden” öz ýurdunyň “Sent Etien” toparyna transfer boldy. M’Wilanyň “Rubin” bilen 2020-nji ýyla çenli şertnamasy bardy. Şeýle-de “Rubiniň” daniýaly goragçysy Moris Bauer Angliýanyň “Stok Siti” topary bilen 4,5 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. Ol 2 möwsümläp “Rubinde” oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

Senatdaky orun üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar
Geljegi döretmek forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar
Türkmenistan London we Pekin bilen howa gatnawlaryny dikelder, Ýewropa kompaniýasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistana teklip berdi, Aşgabatda Antonio Onoratonyň döredijilik agşamy geçirildi we beýleki habarlar