Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer

Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer

Prezident R. T. Erdogan, Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanmagynyň, Ýakyn Gündogardaky syýasy we harby deňagramlylyga öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan, Gyrgyz Respublikasyna we Wengriýa guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugata beýannama berdi.

Donald Tramp bilen 5-nji noýabrda geçirlen saýlawyň netijesiniň belli bolmagyndan soň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Erdogan, “Saýlaw etaby we Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdyk. Jenap Trampy ýurdumyza çagyrdyk. Çakylygymyza oňyn jogap bermegine garaşýarys” diýdi.

“Palestina meselesiniň we Russiýa-Ukraina krizisiniň başda durmagyna birnäçe kynçylyk başdan geçirilýär” diýen Prezident Erdogan, “Türkiýe bilen ABŞ şol kynçylyklaryň hötdesinden gelip biler.Ysraýylyň Palestina we Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin Jenap Trampyň Ysraýyla berilýän ýarag kömegini kesmegi oňyn başlangyç bolup biler.

Tramp Ysraýyl tarapyndan guralýan hüjümleriň bes ediljekdigi barada söz beripdi.Biz şol wadasynda durmagynda garaşýarys”diýdi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, ÝB-nyň Türkiýä oňyn çemeleşmegine garaşýandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: "Trampdan ozalky dolanşygyň ýalňyşlyklaryndan ýüz öwürmegine garaşýarys" diýdi
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
“Bu Asyr Türk Dünýäsiniň Asyry Bolar”
“Gazada Soňky Asyryň Iň Uly Genosidi Başdan Geçirilýär”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny