
Sosial media ulanyjylary ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň resmi sosial media hasaplary arkaly ýaýradylan we Ysraýyl tarapyndan haraba öwrülen Gazany Amerikan prezidentiniň altyn heýkeli oturdylan kenarýaka dynç alyş etrabyna öwrülen görnüşde görkezýän emeli aň wideosyna berk reaksiýa bildirdiler.
“Gaza 2025: Nobatda näme bar?” mowzukly klip, ulanyjylary gazaplandyran bolsa, oppozisionerler ony “sap erbetlik”, “Antihrist” we “etniki saplaýyş” hökmünde häsýetlendirdi.
Şeýle hem wideoda Tramp we Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu kokteýl içýärkä, tehnologiýa milliarderi Ilon Mask depesinden pul seçilýän pursadynda tans edýärkä görülýär.
Goýberilen aýdymda bolsa “Donald sizi azat etmäge gelýär” diýilýär.
Ençeme ulanyjy wideo ýazygyny meçew beriji we biynjalyk ediji hökmünde häsýetlendirýär.