Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýär

Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýär

ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Donald Trampyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 52 göterime, demokratlardan dalaşgär, häzirki wise-Prezident Kamala Harrisiň mümkinçiligi 48 göterime deň. Muňa Decision Desk HQ portalynyň we The Hill gazetiniň geçiren barlaglary güwä geçýär diýip, TASS habar berdi.

Çaklama görä, Tramp saýlawçylaryň wekilleriniň 538-sinden 272-siniň sesini (ýeňmek üçin dalaşgäriň saýlawçylaryň wekilleriniň 270-siniň sesini almagy gerek), onuň garşydaşy Kamala Harris bolsa 266-synyň sesini alar. Häzirki wagtda öňki Prezident Tramp ABŞ-nyň ikirjiňlenýän ştatlarynyň dördüsinde öňdeligi eýeleýär, ýagny Arizonadaky, Jorjiýadaky, Demirgazyk Karolinadaky we Wiskonsindäki ses berlişik saýlawlaryň netijesine aýgytly täsir edip biler.

Birleşen Ştatlarda Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçer.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da prezident saýlawy üçin öňünden ses berişlik başlady
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Harris resmi taýdan dalaşgär boldy