Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady

Trampa degişli oteliň öňünde Tesla ulagy partlady

Las-Wegas şäheriniň Polisiýa gullugy "Trump International" oteliniň öňündäki ulagyň partlamagy sebäpli, ýangynyň bolandygyny habar berdi.

Şäheriň metbugat geňeşligi tarapyndan berilen beýanatda, wakanyň ýerli wagt bilen sagat 08:40-da, ulaglaryň goýulýan ýerinde bolandygy mälim edildi.

Klark sebitiniň Ýangyn söndüriji gullugy "Trump International" oteliniň öňünde irden ulaglaryň biriniň ýanandygyny, 7 adamyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Tesla kärhanasynyň eýesi we Trampyň meşhur tarapdarlarynyň biri bolan amerikaly işewür adam Ilon Mask bolsa X sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýanan Tesla ulagynyň "partladylandygyny" öňe sürüp: "Onuň terrorçylykly aksiýa bolmagy ähtimal" diýip belledi.

Mask oteliň öňünde ýanan Tesla ulagy bilen Nýu-Orlean şäherinde guralan hüjümde ulanylan ulagyň "Turo" atly awtoulag paýlaşmak platformasyndan kreýine alynandyklaryny belläp: "Belkem wakalaryň arasynda arabaglanşyk bardyr" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Tesla kompaniýasy köpçüligi CyberCab robotakisisi bilen tanyşdyrdy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Tramp wezipelere belledi
Mask adamzadyň halas bolmagy üçin şertleri agzady
Sürüjisiz taksi hyzmatyny hödürleýär
Ilon Mask Hytaýa bardy