
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Kremlden berlen beýannamada, Prezident Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 1,5 sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginde iki lideriň ýakyndan aragatnaşyk saklamak boýunça ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, iki lideriň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky tussaglylaryň çalşygy boýunça pikir alyşandygyny nygtap, “Tramp, Amerika bilen gazanylan ähli ylalaşyklaryň berjaý ediljekdigi barada söz berdi” diýdi.
Putiniň Trampy Moskwa çaygrandygyny nygtan Peskow, “Putin bilen Tramp özara duşuşyk geçirmek bilen birlikde ýakyndan aragatnaşyk saklamak boýunça ylalaşyk gazandy” diýdi.
İki lideriň Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny aýdan Peskow, “Eýranyň ýadro maksatnamasy we Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar hem gün tertibine getirildi”diýdi.
Donald Tramp, Russiýanyň Prezidenti bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda, Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň netijeli geçendigine we ABŞ bilen Russiýanyň birlikde işleşmeginiň iki ýurt taýdan hem bähbitli boljakdygyna ünsi çekdi.
Başga bir habarnamasynda Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Tramp, “Zelenskiý hem Putin ýaly parahatçylyk isleýär” diýdi.