Tramp: "Ysraýyl Gazadaky söweşde ýeňiş gazanyp, işi çalt tamamlamaly" diýdi

Tramp: "Ysraýyl Gazadaky söweşde ýeňiş gazanyp, işi çalt tamamlamaly" diýdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp Fox News telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Gazadaky soňky ýagdaý we ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklarynyň üstünde durup geçdi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrda başdan geçirenleriniň ýatdan çykarylandygyny aýdan Donald Tramp, şol hüjümleriň ýatlanmagy we Ysraýylyň Amerikan syýasatynda "ozalkysy ýaly" güýçli bolmalydygyny beýan etdi.

Donald Tramp: "Ysraýyl bu işi tamamlamaly, bu işi tizlik we güýçli ýagdaýda tamamlamaly we ýaňadandan gündelik durmuşa gaýdyp gelmeli, sebäbi uzak möhlet dowam etdi. Olar ýeňiş gazanmaly we işi tamamlamaly" diýip belledi.

Donald Tramp Ysraýyl lobbisiniň mundan 15 ýyl ozal Waşingtondaky iň täsirli lobbidigini, emma şu gün käbir Demokratlaryň şol sebäpli ozalky güýjünden mahrum galandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi
Putin Ukrainadaky Operasiýalaryň Giç Başlandygyny Aýtdy
ABŞ-nyň Eýrana Haniýýa Jenaýatyna Gatnaşan 10 Içalynyň Adyny Berendigi Öňe Sürüldi
Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy
Hindistan 2021-2022-nji maliýe ýylynda smartfon eksportyny 85% ýokarlandyrar