Tramp wezipelere belledi

ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti wezipesine saýlanan Donald Tramp milliarder Ilon Maskyň we telekeçi Wiwek Ramaswaminiň Döwlet dolandyrylyşynyň täsirliligini ýokarlandyrmak boýunça ministrligiň ýolbaşçylary wezipelerine bellenilýändigini habar berdi.Täze ministrlige “Hökümet netijeliliginiň departamenti” (Department of Government Efficiency) adyny Trampyň özi berdi.

Bu edara federal çykdajylary düzgünleşdirmek we hökümetiň gurluş özgertmeleri bilen meşgullanjakdygy habar berilýär.Degişli metbugat beýanaty Ilon Mask X sosial ulgamyndaky akkauntynda ýerleşdirdi. “Bu iki beýik amerikaly bilelikde meniň administrasiýama çykdajylary azaltmaga we federal agentlikleri üýtgedip gurmaga tarap ýol açar” diýlip, Trampyň beýanatynda aýdylýar. “Biz her ýyl döwlet býujetine 6,5 trillion dollar möçberde zyýan ýetirýän köpçülikleýin harçlamalary aradan aýrarys.

Bu bolsa, Amerikanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 250 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolar” diýlip, beýanatda bellenilýär. Ýeri gelende ýatlap geçsek, “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň ýolbaşçysy üçin federal hökümetdäki wezipe barada Tramp heniz saýlawdan öňki kampaniýasynda ýatlap geçipdi.

Biotehnologiýa pudagyndaky taslamalary bilen tanalýan amerikaly telekeçi Wiwak Ramaswamy, 2024-nji ýyldaky kampaniýanyň çäklerinde Respublikan partiýadan ABŞ-nyň prezidentlige dalaşgär bolupdy. Şol döwürde Ramaswami Trampyň administrasiýasynda wise-prezident wezipesi üçin göz öňünde tutulupdy. Şeýle hem Tramp “Fox News”-yň alyp baryjysy we harby weteran Pit Hegseti goranmak ministri wezipesine teklip etdi we ony “gaýduwsyz, akylly we Amerikany ileri tutmakda hakyky ynanýan adam” diýip häsiýetlendirdi. Şeýle hem Tramp Günorta Dakota ştatynyň häkimi Kristi Noemi içerki howpsuzlyk sekretary wezipesine hödürledi.

Ol Donald Trampyň serhet howpsuzlygy syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm rol oýnar.Mundan başga-da Donald Tramp Florida ştatyndan respublikan kongresmen Maýk Waltsy milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi we Arkanzas welaýatynyň öňki gubernatory Maýk Hakabini ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçisi edip bellejekdigini aýtdy. Şeýle-de, Donald Tramp Florida ştatyna wekilçilik edýän senator Marko Rubiony döwlet sekretary, Gawaýi ştatyna wekilçilik eden Kongresiň Wekiller palatasynyň öňki agzasy Tulsi Gabbardy ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň başlygy, Robert Kennedi kiçini ABŞ-nyň saglygy goraýyş ministri, respublikan kongresmen Mett Getsi Baş prokuror adalat sekretary wezipesine bellemekçidigini mälim etdi.

ABŞ-d Preident saýlawlary 5-nji noýabrda geçirildi.Bäsleşik wise-prezident Kamala Harris we ABŞ-nyň öňki döwlet Baştutany Donald Trampyň arasynda boldy.Ses berişlikde Tramp 51 göterim, Kamala Harris bolsa, 47,4 göterim sese eýe boldy. /* custom css */ .td_uid_15_6737e2b6462f2_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6737e2b6462f2_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Tramp öz administrasiýasyny döredýär
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Trampyň ýeňişi we ABŞ…
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy