Donald Tramp ABŞ-nyň Prezidentiniň wezipesine öňdäki noýabr aýynda geçjek saýlawlarda Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgärlik etmäge resmi taýdan razydygyny yglan etdi. Ol bu barada ýurduň Wiskonsin ştatynyň Miluoki şäherinde geçen Respiblikaçylar partiýasynyň milli gurultaýynda habar berdi diýip, Report.az ýazýar.
Men Prezidentiň wezipesine tutuş Amerika üçin dalaşgärlik etmekçi. Şonuň üçin bu gün ynam we wepalylyk bilen ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde gatnaşmak barada siziň teklibiňizi kabul edýärin. Sag boluň diýip, Tramp aýtdy.
15-nji iýulda Miluokide respublikaçylaryň gurultaýy öz işine başlady, onuň birinji gününde 50 ştatdan we Kolumbiýa federal okrugyndan bolan delegatlar öňdäki dört ýyl üçin saýlawdan öňki platformany tassykladylar hem-de Trampy we Ogaýo ştatyndan senator Jeýms Dewid Wensi degişlilikde, Prezidentlige hem Prezidentiň orunbasary wezipelerine dalaşgärler hökmünde öňe sürdüler.