
ABŞ-nyn Prezidenti Donald Tramp Russiýa we Hytaý bilen harby çykdajylary ikitaraply azaltmak hakynda gepleşikler geçirmek isleýandigini hem-de iki ýurduň liderleri bilen sammit guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Dünýä ulgamy boýunça strategiýasy hakynda umumy maglumat beren Tramp, şeýle hem 2014-nji ýylda Krymy anneksiýasyndan soň Russiýanyň G7-niň düzüminden çykarylandygyny nygtap, Moskwanyň G7-ä gaýtadan goşulmagyny isleýändigini aýtdy.
Tramp mundan başgada şertler kadalaşandan soň Putin we Szinpin bilen sammit geçirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.