Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy

Tramp Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşmagynyň mümkindigini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ukrainadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin başlangyç edip, rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Saud Arabystanynda duşuşyp biljekdigini aýtdy.

Tramp Owal ofisde žurnalistlere beren beýannamasynda; “Putin bilen esasan telefon arkaly gepleşerin we netijede duşuşarys. Aslyna garalanda ol ABŞ-na gelip biler ýa-da men Russiýa gidip bilerin. Saud Arabystanynda-da duşuşmagymyz ähtimal” diýdi.

Tramp Ukrainanyň NATO agzaly hakynda durup geçmän, ýurduň territorial bitewiligini doly yzyna almagy meselesinde şübheli beýanat berdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa Trampyň parahatçylygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyna kanagatlanma bildirdi we global derejede emele geljek bileleşigiň Russiýany urşy bes etmäge mejbur etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
Tramp Putin bilen duşuşyk geçirip biler
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Zelenskiý Ukraina-Russiýa urşy barada beýannama berdi
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Zelenskiý Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi