
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp metbugat işgärlerine beýannama berdi.
Russiýa-Ukraina urşuny duruzmak üçin tagalla edýändigini aýdan Tramp, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen haçan duşuşyk geçirjekdigi bilen bagly soraga: "Ýakyn wagtda bolup biler. Ýakyn wagtda bolar" diýip jogap berdi.
Putiniň we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň urşy duruzmak isleýändiklerini aýdan Tramp: "Meniň pikrimçe Putin urşy duruzmak isleýär. Ony görýärin. Ony ençeme wagtlap maslahatlaşdyk" diýip habar berdi.
Russiýa-Ukraina arasynda parahatçylygy üpjün etmäge synanyşýandyklaryny aýdan Tramp: "Bu uruş hiç haçan başlamaly däldi" diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 12-nji fewralda hem Putin hem-de Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy, ABŞ-ly we rus wekiliýetleriň Saud Arabystanynda duşuşyk geçirjekdiklerini mälim edipdi.
Russiýa-Ukraina urşy 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda başlapdy.