ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Facebook” hasaby onuň prezidentlik möhleti gutarýança, has takygy, azyndan iki hepde petiklener. Bu barada dünýäniň iň uly sosial ulgamyny esaslandyryjy Mark Zukerberg özüniň açyk sahypasynda aýtdy, diýip Lenta.ru habar saýty berýär.
Zukerberg petiklemäniň belli bir möhlete çenli, ýöne her niçigem bolsa, ABŞ-nyň Prezidenti saýlanan Jo Baýdeniň işe başlamagyna galan 13 günden has uzak dowam etjekdigini aýtdy.Zukerberg özüniň açyk sahypasyndaky ýazgyda Trampy "demokratik ýol bilen saýlanan hökümeti agdarmak üçin zorlugy öjükdirmekde" aýyplady.
Mundan öň, Twitteriň Trampyň hasabyny 12 sagatlyk petikländigi belli boldy.Onuň haçan açyljakdygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok.Sosial ulgam Trampa hasabyny hemişelik petikläp biljekdigini hem aýtdy.
Munuň sebäbi, Trampyň Kapitoldaky demonstrantlara ýüzlenip, olaryň öýlerine gitmegini we saýlawlaryň “ogurlanandygyny” aýdýan wideosynyň çap edilmegi boldy. 6-njy ýanwarda Trampyň tarapdarlary Kapitol binasyna hüjüm etdiler we Senat zalyny gabadylar.
Senat we Wekiller palatasy saýlaw kollejinde geçirilen ses berişligiň netijelerini tassyklamak boýunça ýygnagyny kesmeli boldular.Soňky netijelere görä, prezident saýlawynda demokrat Jo Baýden ýeňiş gazandy. Şol bir wagtda Tramp öz tarapdarlaryny parahatçylykly hereket etmäge we polisiýa goldaw bermäge çagyrdy.
Soňra Waşingtondaky Kapitol binasynyň demonstrantlardan arassalanandygy belli boldy.