Tramp Prezident wezipesine ýaňadandan saýlanan halatynda immigrantlary ýurtdan çykarjakdygyny aýtdy

Tramp Prezident wezipesine ýaňadandan saýlanan halatynda immigrantlary ýurtdan çykarjakdygyny aýtdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) öňki Prezidenti Donald Trump Prezident wezipesine ýaňadandan saýlan halatynda immigrantlary ýurtdan çykarjakdygyny mälim etdi.

CNN tarapyndan berilen habara görä Tramp saýlaw kampaniýasynyň Newada ştatyndaky bölüminde immigrantlar bilen bagly beýanat berdi.

"Immigrantlaryň ABŞ-ny basyp alýandygyny" aýdan Donald Tramp, Prezident wezipesine täzeden saýlanan halatynda ýurduň taryhyndaky iň uly ýurtdan çykarmak gollanmasynyň durmuşa geçiriljekdigi barada wada berdi.

Tramp bosgunlar bilen bagly syýasatlaryny giňeltjekdiklerini belläp "Federal güýçleriniň uly böleginiň migrasiýa bilen bagly edaralara geçirilmegi bilen birlikde daşary ýurtlardaky güýçleriň hem ýurduň günorta serhedine geçiriljekdigini" mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da Aşa Yssy Howa Sebäpli 27 Adam Ýogaldy
Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar
Kaliforniýadaky Tokaý Ýangynlary 21 Günden Bäri Dowam Edýär
Kaliforniýadaky Ýangynlar Dowam Edýär
Ugas Pakiýaony ýeňlişe sezewar etdi
Fýuri üçünji söweşde Uaýlderi ýeňip, WBC boýunça dünýä çempiony titulyny gorady