Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi

Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti we şu ýyl geçiriljek saýlawda Respublikan partiýasyndan dalaşgär bolan Donald Tramp, UFC çempiony Habib Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada söz berdi.

Donald Tramp Nýu-Jerside geçirilen UFC 302 turnirine tomaşa etdi.

UFC turnirinde russiýaly türgen Islam Mahaçew amerikaly Dastin Puarýe bilen uruşdy. Fox News kanalynyň habar bermegine görä ýurduň ozalky prezidenti 15 müň tomaşaçynyň arasyna goşulmagy uly şowhun döretdi. Soňky hepdelerde, korrupsiýada günäkärlenendigine garamazdan, tomaşaçylar Trumpa durup salam berdiler.

Žuranlistleriň eşiden söhbetdeşlikde Habib Nurmagomedow Donald Trampa: "Palestinadaky söweşi duruzjakdygyňyzy bilýärin" diýip aýtdy.

Habib Nurmagomedowyň elini tutmaga dowam eden Donald Tramp: "Bes etdireris. Söweşi bes etdireris" diýip jogap berdi.

Trampyň bu sözleri resmi ýagdaýda tassyklanmady.

Ýene degişli makalalar

Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy
Usman Nurmagomedow Bellatoryň reýtinginde birinji ýere çykdy
Habib bedeniňi sagdyn saklamak boýunça maslahatlaryny berdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy