Tramp Netanýahuny gutlady

Tramp Netanýahuny gutlady

Ysraýyl Premýer-ministrliginiň Metbugat býurosyndan berilen beýanatda, Tramp bilen Netanýahunyň takmynan bir hepde ozal telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendikleri habar berildi.

Beýanata görä, Tramp telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylyň Liwanda Hizbullaha garşy guran "tutanýerli we güýçli aksiýalary" üçin Netanýahuny gutlady.

Telefon söhbetdeşligine ABŞ-nyň Respublikan partiýasyndan senator Lindsi Grem hem gatnaşdy.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri gözegçilikli çaknyşyklaryny dowam etdirýän Ysraýylyň goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günorta şäherleri bilen birlikde, Bekaa we Baalbek sebitlerinde ýüzlerçe howa hüjümlerini gurady.

Liwanyň Saglygy Goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri 104-si çaga we 194-i zenan bolmak bilen jemi 2 müň 119 adam ýogaldy.

Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah, Ysraýyl goşunynyň 27-nji sentýabrda Beýruta guran howa hüjüminde öldürilipdi.

Ýene degişli makalalar

“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy