Tramp: “Men Gazany Satyn Almakda we Oňa Eýe Çykmakda Ygrarly”

Tramp: “Men Gazany Satyn Almakda we Oňa Eýe Çykmakda Ygrarly”

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Gazalylaryň yza dolanmaklaryna rugsat bermegiň uly ýalňyşlyk boljakdygyny beýan eden Tramp; “Ony uly gozgalmasyz emläk hökmünde pikir ediň we ABŞ oňa eýe çykar we ýuwaşlyk bilen, iňňän ýuwaş-ýuwaşdan” diýdi.

Tramp Gazanyň doly haraba öwrülendigini gaýtalap; “Yzyna alynar. Abatlanar, dikeldiler. Ol ýerde hiç kim bolmaz. Hamas bolmaz. Ýakyn Gündogardaky beýleki baý ýurtlaryň goldawy bilen gaýtadan gurarys. Adamlar üçin, palestinalylar üçin, ýaşamak üçin ajaýyp ýerler gurarlar. Ýüzlerçe ýyldan soň ylalaşykly we parahatçylykly şertlerde ýaşarlar” diýdi.

“Men Gazany satyn almakda we oňa eýe çykmakda ygrarly” diýen Donald Tramp, Gaza dolanmak üçin hiç zadyň galmandygyny öňe sürdi we iňňän howply, emma biz ony gelejekde kimdir biri tarapyndan galkyndyryp, ajaýyp ýere öwüreris. Beýleki ýurtlaryň käbir Gazanyň käbir ýerlerini galkyndyrmagyna rugsat bereris. Gowy bolar. Dünýäniň ähli ýerinden adamlar gelip ol ýerde ýaşap biler” diýdi.

Tramp güýç bilen ýerlerinden mahrum edilen palestinalylary ABŞna kabul edip, etmejekdigi hakyndaky soraga bolsa; “Muny seljereýin, meniň pikirimçe olaryň bäri gelmegi üçin uzak aralyk bar, emma şahsy meseleleri öwrenmek gerek. ABŞ onsuz hem köp adam kabul edýär, onlar üçin şeýle alys” diýip jogap berdi.

Gazalylaryň howpsuz ýaşajak sebitinde galmagynda hoşal boljakdygyny beýan eden Tramp; “Ýagny, göreris. Müsüriň, İordaniýanyň we beýleki ýurtlaryň goldaw bermegini tama edýäris. Saud Arabystany we beýlekiler ýaly käbirleriniň muňa serişde goýbermegini tama edýäris. Şeýle ägirt mukdarda pullary bar. adamlary rahat we howpsuz ýaşatmak üçin çykdajy ederler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Ispaniýa Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Ysraýyl ABŞ-nyň goldaw bermeginde Gazany basyp almak üçin taýýarlyk görýär
Gazagystan TOPH taslamasyna goşulmakçy bolýar, taslamanyň töwereginde bir topar sorag gozgalýar
Müsür we Iordaniýa palestinalylar üçin bilelikde hereket eder