Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi

Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi

ABŞ-nyň ozalky prezidenti we Respublikan partiýadan prezident wezipesine dalaşgär bolan Donald Tramp, ykdysady syýasatlaryny aýan eden garşydaşy Kamala Harrisi tankyt edip: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýip aýtdy.

Donald Tramp ýurduň Pensilwaniýa ştatynda geçiren mitinginde ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisiň ykdysady syýasatlaryny tankyt etdi.

Kamala Harrisiň beýan eden maksatlaryny SSSR-iň ykdysady ulgamyna meňzeden Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy. Ýoldaş Kamala sosialist baha gözegçiliklerini durmuşa geçirmek isleýändigini aýtdy. Onuň ozal hiç hili peýdasynyň bolmandygyny gördüňiz" diýip belledi.

ABŞ-da 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawda Demokrat partiýadan dalaşgär bolan Kamala Harris ykdysady syýasatlary, marketlerde satylýan önümleriň we derman haty bilen satylýan dermanlaryň bahalaryny peseltmegi, amatly bahaly ýaşaýyş jaýlaryň artmagyny we orta gatlak üçin salgytlaryň azaldylmagyny maksat edinýändigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün ABŞ-da 60-njy Prezident saýlawlary geçirilýär
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar
CNN: Donald Tramp ABŞ-nyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Kamala Harris Ýeňilendigini Boýun Aldy
Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň 47-nji prezidentligine saýlanyldy
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Tramp wezipelere belledi