ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp, Siriýadan esger çekmek we ýurtda başdan geçirilýän wakalar barada Türkiyäniň ähmiýetini belläp geçip: "Prezident Rejep Taýýip Erdogan meniň dostum we hormat goýýan adamym" diýip belledi.
ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp, Floridada ýerleşýän Mar-a-Lagoda geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Öňki prezidentlik döwründe uruşlardan gaça durandygyny aýdan Tramp, Siriýadaky amerikan esgerleriniň yzyna çekilip-çekilmejekdigi we ýurtdaky tapgyr barada beren beýannamasynda, Türkiyäniň ähmiýetine ünsleri çekdi.
Prezident bolan ilkinji döwründe Siriýadaky terror guramasy DAIŞ-i ýeňendigini we esgerleriniň köpüsini ýurtdan çykarandygyny aýdan Tramp, häzirki ýagdaý bilen bagly meselelerde Ankaranyň ähmiýetini beýan etdi.
Siriýada takmynan 2 müň amerikan esgeriniň yzyna çekilip-çekilmejekdigi bilen bagly soraga Tramp: "Muny size aýtmaýaryn, sebäbi bu harby strategiýanyň bir bölegi. Şeýle-de bolsa, bu Türkiye bilen baglanyşykly ýagdaý diýip bilerin" diýip jogap berdi.
Siriýa bilen baglanyşykly meselelerde Türkiyäniň möhüm aktýordygyny aýdan Tramp: "Prezident Erdogan meniň dostum we hormat goýýan adamym. Ol hem maňa hormat goýýar diýip pikir edýärin" diýip mälim etdi.
Siriýadaky soňky wakalara nähili baha berýändigi baradaky soraga jogap beren Tramp: "Siriýada bolup geçen wakalara seretseňiz, Russiýa we Eýran gowşady. Erdogan gaty akylly adam; ol adamlaryny dürli görnüş we atlar bilen ol ýere iberdi. Olar gidip, ol ýeriň gözegçiligini ele geçirdiler" diýip belledi.