Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp we häzirki wise-prezident Kamala Harris ABC teleýaýlymynda 10-njy sentýabrda çekişme geçirmek barada ylalaşdylar.

ABC-nyň beýanatynda Pespublikan partiýadan prezidentlige dalaşgär Tramp we onuň Demokratik partiýadan bäsdeşi Harris telewideniýedäki çekişmä gatnaşýandyklaryny tassykladylar. Tram Florida ştatynyň Palm-Biç şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda, Harris bilen üç gezek çekeleşik geçirmekçidigini aýtdy.

Taraplaryň duşuşygy ABC teleýaýlymynda bolar. Ýöne Kamala Harris Trampyň teklip eden beýleki iki tapgyry barada hiç zat aýtmady. ABŞ-nyň öňki Prezidenti 4-nji sentýabrda “Fox News” teleýaýlymynda, 25-nji sentýabrda bolsa NBC teleýaýlymynda teleçekişmeleri geçirmek isleýändigini aýtdy.

Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär Kamala Harris şu wagta çenli bäsdeşinden 5 göterim öňde barýar.Golaýda 2 müňden gowrak amerikaly saýlawçylaryň arasynda pikir soralyşyk geçirildi.Olaryň 42 göterimi Kamala Harrisi, 37 göterimi Donald Trampy goldady. Ýene-de 4 göterimi bolsa, garaşsyz dalaşgär Robert Kennedi kiçini makullady. Ýakynda Kamala Harris resmi taýdan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boldy.

Ol bu barada Filadelfiýada geçirilen ýygnakda yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Harris raýatlaryň goldawy boýunça Trampdan öňde barýar
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
“Olar içeri giräyse siz diri galmarsyňyz”