“Tramp Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

“Tramp Bilen Gepleşik Geçirmäge Taýar”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde saýlanan Donald Trampy gutlap, onuň bilen gepleşik geçirmäge taýardygyny aýtdy.

Russiýanyň Soçi şäherinde çykyş eden Putin, Trampa guralan hüjümden soň onuň alyp baran tutumyna haýran galandygyny nygtan Putin, “Trampyň tutumyna haýran galdym. Batyrgaý adamdygy ýüze çykdy” diýdi.

Putin, “Trampyň saýlaw kampaniýasy döwründe Russiýa bilen gatnaşyk etmek, Ukraina krizisiniň ortadan aýrylmagyna goşant goşmak isleýändigi nygtaldy. Bu meniň üçin üns berilmeli mesele” diýip belledi.

Russiýanyň amerikan halkynyň uly ynam bildirip saýlan prezidenti bilen işlekjekdigini ozal hem beýan edendigini aýdan Putin, “Hakykatdan hem şeýle bolar. Pursatdan peýdalanyp, ony ABŞ-nyň Prezidentligine saýlanandygy mynasibetli gutlaýaryn. Biziň bilen aragatnaşyk saklamak isleýän bolsalar biz muňa garşy däl” diýdi.

Putin “Tramp bilen gepleşik geçirmäge taýarmysyňyz?” diýlen soraga “Taýar, taýar” diýip jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy
Tramp Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
“Demirgazyk Koreýa we Eýran Meselesini Gepleşik Arkaly Çözerin”
Tramp türk asylly lukmany ýokary döwlet wezipesine hödürledi
Türkmenistan Donald Trampy ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
ABŞ-da Saýlaw Bäsleşiginde Tramp Öňde Barýar