Tramp Berdimuhamedowy Nowruz bilen gutlady. Näme üçindir bir aý soň.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramyçylygynyň bellenmegi mynasybetli gutlag ýollady.Gutlagda Amerikada hem köpleriň täzeleniş we gaýatdan döreýiş baýramyny belländigi nygtalýar diýip, ТДХ döwlet habar gullugy 2-nji maýda habar berdi.

Bellemeli ýeri, ýyllyk güýzki gije-gündiz deňleşmesi bolan Nowruz baýramçylygy 21-nji martda bellenilýär.

Meniň golaýda Aşgabatdan sapardan dolanyp gelen dostum Jek Niklaus maňa Türkmenistanyň gözelligi we türkmen halkynyň mähirli myhmansöýerligi hakynda örän köp gürrüň ýberdi. Amerikan halky we biziň işewür töwereklerimiz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmegi dowam etdirerler” diýip, Donald Trampyň gutlag hatynda aýdylýar.

Ýatladýarys, 7-nji aprelde belli amerikan gollfçysy Jek Niklaus Türkmenistanda altynjy gezek saparda boldy, onuň adybir firmasy Aşgabatda golf meýdançasyny gurýar. Prezident Berdimuhamedowyň pikirine görä, “golf Türkmenistan üçin örän ýerlikli oýun, sebäbi dünýäde iň bir meşhur oýunlaryň biri we ony islendik ýaşda we ýylyň islendik wagtynda oýnap bolýar”.

Ýene degişli makalalar

Maý - Berdimuhamedowlaryň täze gurluşyk meýillerine baý boldy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Aşgabatda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi
Amerikan işewürligi türkmen bazaryndaky ornuny berkitmäge taýýar