Tramp ABŞ-nyň goramagy üçin Taýwanyň töleg etmelidigini aýtdy

Tramp ABŞ-nyň goramagy üçin Taýwanyň töleg etmelidigini aýtdy

The Guardian tarapyndan berilen habara görä, Donald Tramp Bloomberg Businessweeke beren beýanatynda, noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawynda üstün çykan halatynda ABŞ-nyň Taýwany gorap-goramajakdygy bilen bagly soraga jogap berdi.

Tramp ABŞ-nyň "ätiýaçlandyryş kärhanasyndan tapawutly däldigini" we "Taýwanyň ABŞ-na hiç zat bermeýändigini" belläp: Özlerini Hytaýa garşy goramagymyz üçin Taýwan ABŞ-na töleg etmelidir" diýip nygtady.

Tramp Taýwanyň ABŞ-daky ýarymgeçiriji pudagyny "dolulygyna diýen ýaly" ele geçirendigini öňe sürüp: "Ähli çip işimizi aldylar, olar örän baý. Ätiýaçlandyryş resminamasyndan tapawudymyzyň ýokdugyny pikir edýärin" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Hytaýda täze ýokary tizlikli demir ýol işe girizildi
1-nji oktýabr halkara kofe güni
Sýamende 19-njy kitap ýarmarkasy açyldy
Taýwan Adasynyň Etrabynda Hytaýa Degişli Harby Howa Ulaglary Uçýar