Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşyp biler

Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşyp biler

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda ýene-de Prezidentlik ugrundaky göreşe gatnaşyp biljekdigini mälim etdi. Bu barada onuň "Fox News" gazetine beren interwýusyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Öňki döwlet baştutany häzirki Prezident Jo Baýdeniň öz wezipesini ýeterlik derejede ýerine ýetirip bilmeýändigini aýdýar.

Tramp 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmagynyň mümkindigini birnäçe gezek ýaňzytdy. Ol täze prezident saýlawlaryna gatnaşmak barada eýýäm karara gelendigini we muňa öz tarapdarlarynyň "begenjekdigini" aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 46-njy Prezidentiniň saýlawlary 2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçirilipdi. Onda demokratlaryň dalaşgäri bolan öňki wise-prezident Jo Baýden ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Tramp wezipelere belledi
Dünýäde ilkinji “dik” ýyladyşhana açyldy
Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Jonson: Gyşky Tupan Trampyň Saýlaw Tassyklaýyş Etabyny Gijikdirmez
ABŞ Kongresiniň öňki wekili: Baýden dünýäni ýadro urşuna alyp barýar
103 ýaşynda paraşýutdan bökdi