Ýörite tehnikalary öndürýän JCB kompaniýasy “Williams Advanced Engineering” şereketi bilen bilelikde dünýäniň iň ýyndam traktoryny öndürdi. “Fastrac” atly tehnikanyň kuwwaty 1000 at güýjüne barabar bolup, sagatda 217 kilometr tizlik bilen ýöreýär.
Geçen ýyl Angliýada geçirilen synagda traktor bilen iň ýokary tizlik hasaba alnypdy.Rekord üçin ýörite taýýarlanan şol traktoryň tizligi sagatda 140 kilometre ýetipdi.Bu gezekki rekordy goýmak üçin JCB kompaniýasynyň ýolbaşçylary “Formula 1” ýaryşlarynyň inženerleri bilen işleşmegi makul bilipdirler. Şeýlelikde, “JCB Fastrac” ozalky rekorddan has hem tapawutlanmagy başardy.
Bu traktoryň 7,2 litr göwrümli dizel motory bolup, aerodinamikasy hem gowulandyrylypdyr.Tizlik rekordy Angliýanyň Elwington şäheriniň aeroportynda amala aşyryldy.JCB kompaniýasynyň ýolbaşçysy Lord Bamford ilki bu tizlige ýetmegiň diňe arzuw bolandygyny, emma bu arzuwa ýetmek üçin hünärmenler toparynyň köp zähmet çekendigini mälim etdi.