Türkiyäniň Gara deňiz kenaryndaky taryhy Trabzon şäheri, geçmişi 7-8-nji asyra çenli uzap gidýän we Gümüşhane welaýatyndaky magdan känlerinden getirilýän altynyň we kümüşiň işlenmegi we satylmagy maksady bilen başlaýan aýratyn el hünärine ýer eýeçiligini edýär.
Bir wagtlar şäherde ýaşaýan adamlaryň nikalaşmak baradaky teklipleriň ýüz öwrülmesiz zady bolan, altyn we kümüş bilezikden, dür düzümden, gulakhalkadan we ýüzükden ybarat Trabzon filigrany we örmesi, Trabzonyň Zergärler we sagat öndürijiler palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2006-njy ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.
Trabzon filigrany we örmesi 22 karat altyn ýa-da 900 karat kümüşi işlemek arkaly alynýar. 32 mikron galyňlykdaky örmelere öwrülen altyn, hünärmenleriň el ussatlygy bilen 80-100 gram halkalara öwrülýär.
Ilki bilen altyn simler zergäriň aňsatlyk bilen ulanyp boljak uzynlygynda kesilýär.Kiçijek bir rulon kagyz ýa-da otluçöp gabynyň üstüne 1-3 millimetr ululykdaky üçburç halkalar emele getirilýär we örmeler şolaryň üstüne öwürlýär.
Beýleki tarapdan gysmak we uzatmak prosesi nähili derejede gowy we berk amala aşyrylsa, örmäniň hili hem şolary ýaly gowy bolýar.Tutuşlygyna el bilen we göz çen bilen öndürilýän Trabzon filigrany we örmesi sebite mahsus nagyşlardan we şekillerden ybaratdyr.
Trabzon filigrany we örmesiniň iň möhüm aýratynlygy bolsa örmäniň üstüne bir damja suw goýlanda, aşaky bölegine suw syzmaýar.Uly ussatlygy talap edýän bu şaý-sepler, diňe bir Türkiyede däl, eýsem sebite gelýän syýahatçylaryň kömegi bilen halkara derejede abraýa eýe boldy.