Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň iň soňky ýaryşy, 13-nji bäsleşigi Ýaponiýanyň Toýota şäherinde geçirildi. 21 tapgyrdan ybarat 302,59 kilometrlik ýaryşda “Toyota Gazoo” toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans ýeňiji boldy.
Ol 3 sagat 24 minut 41 sekuntda ýaryşy tamamlap, karýerasyndaky 9-njy ýeňşini gazandy. Ýaryşda toparyň fransuz sürüjisi Sebastian Ožie 2-nji, “M-Sport Ford” toparynyň fransiýaly piloty Adrien Furmo 3-nji orna mynasyp boldy. Ýaryşy 6-njy orunda tamamlan belgiýaly Tierri Noýwill karýerasynda ilkinji gezek Dünýä Ralli çempionatynyň çempionlygyny gazandy. “Hyundai Shell Mobis” toparynyň belgiýaly piloty utugyny 242-ä ýetirdi we 15 ýyllyk WRC karýerasynda ilkinji çempionlygyny baýram etdi.
Toýota şäherinde “Hýundai” toparynyň çempion bolmagy aýratyn bellärlikdir. Şol bir wagtyň özünde “Hyundai Shell Mobis” topary “Toyota Gazoo” toparynyň 5 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrdy. Şeýle-de, 36 ýaşyndaky sürüji Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan ilkinji belgiýaly pilot hökmünde taryha girdi.
Ol Dünýä Ralli çempionatynda çempion bolan 22-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy.Umumylykda Elfin Ewans 210 utuk bilen 2-nji, 2019-njy ýylyň çempiony Ott Tanak bolsa 200 utuk toplap, 3-nji orny eýeledi.
Mundan öňki 2 ýylyň çempiony, finlýandiýaly Kalle Rowanpera bu möwsümde 7-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. 1977-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Dünýä Ralli çempionatynda şu wagta çenli fransiýaly Sebastian Lýob iň köp çempion bolan sürüjidir.
Onuň 9 çempionlygy bar.Bu ugurda 2-nji ýeri başga bir fransuz Sebastian Ožie eýeläp, ol 8 gezek çempion boldy. 3-nji ýerdäki finlýandiýaly Ýuha Kankkunen bilen Tommi Makkineniň 4 çempionlyklary bar. /* custom css */ .td_uid_15_674511b329820_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674511b329820_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }