Toyota Yaris 2021-nji ýylyň awtoulagy boldy

Toyota Yaris 2021-nji ýylyň awtoulagy boldy

“Ýylyň awtoulagy”, adatça, Ženewa awtoulag sergisinde geçirilýändigi bilen meşhur. Ýöne bu ýyl sergi pandemiýa sebäpli ýatyryldy we ses berişlik onlaýn ýagdaýda geçirildi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Ýaryşa gatnaşýan awtoulaglara Ýewropa ýurtlarynyň 23-sine wekilçilik edýän 29 awtoulag žurnalisti baha berdi.Birinji orna ykjam “Toyota Yaris” heçbeki mynasyp boldy.Ikinji ýeri Italiýanyň “Fiat 500” elektrik awtoulagy eýeledi. Üçünji ýeri “Cupra Formentor” krossoweri eýeledi.

Bir bal tapawut bilen elektrikli VW ID.3 dördünji orunda ýerleşdi.Bulardan soň “Skoda Octavia”, “Land Rover Defender” hem-de “Citroen C4” reýtingden orun aldy.

“Ýylyň awtoulagy” bäsleşigi 1964-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýeri gelende bellesek, "Yaris" bu abraýly ýaryşda öň hem ýeňiji bolupdy - ilkinji nesliň heçbeki 2000-nji ýylda iň gowusy diýlip ykrar edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
80 göterimi elektroulag
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
“Toyota” gaýtadan birinji boldy