Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy bilen birnäçe brendi özünde jemleýän “Stellantis” kompaniýalar toplumy täze hyzmatdaşlygy ýola goýar.Bilelikde öndüriljek model 2024-nji ýylda satuwa çykarylar.Ulagyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi hem bolar.
Ulagyň ululygynyň “Ducato” ölçegine ýakyn boljakdygy bellenilýär.Taraplar häzirki wagtda hem hyzmatdaşlyk edýärler.Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ýewropa ýurtlaryna niýetlenen “Proace” we “Proace City” modelleri öndürilýär.Täze ulag bolsa, “Stellantis”-iň Polşadaky we Italiýadaky zawodlarynda öndüriler.
Ylalaşyga görä şol bir ulag “Toyota” öz ady bilen öndürer.Model uly göwrümli täjirçilik maksatly ulag bolar.Häzirki wagtda “Stellantis”-iň garamagyndaky zawodlarda öndürilýän “Fiat Ducato”, “Peugeot Boxer”, “Opel Movano” we “RAM ProMaster” modelleri şol bir ulagyň dürli atly görnüşleridir. 2024-nji ýyldan başlap, “Toyota” hem olaryň arasyna goşular.
“Toyota”-nyň elektroulaglary “Hilux”, “Proace City” we “Proace” modellerinden emele gelýär.
Ogulsuraý Gödekowa, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy