“Toyota” “Volkswagen”-den öňe geçdi

“Toyota” şu ýylyň birinji çärýeginde amal girdejisini iki esse diýen ýaly artdyrdy, muňa söwdanyň we önümçiligiň ösüşi, şeýle hem ýeniň gowşamagy täsirini ýetirdi.

Dünýäniň iň üstünlikli awtoulag öndürijisi iýun aýyna çenli üç aýyň içinde girdejiniň 7,85 milliard dollar bolandygyny, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 94% ýokarydygyny mälim etdi. Bu bilermenleriň garaşanyndan has ýokary netijedir.

Kompaniýa bütin dünýäde çärýek boýunça, takmynan, 2,53 million sany naýbaşy “Toyota” we “Lexus awtoulaglaryny satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 8,4% artykdyr we olaryň, takmynan, 34%-i gibrid hem-de beýleki elektrikleşdirilen ulaglardyr.

Deňeşdirmek üçin, “Volkswagen Group” ikinji çärýekde alyjylara, takmynan, 2,3 million ulag iberdi, ýöne bu döwürdäki arassa girdejisi, takmynan, 4,16 milliard dollardan azrak boldy.

Bu Ýaponiýanyň awtoulag ägirdiniň dünýädäki batareýa bilen işleýän awtoulag bazaryndaky bäsdeşligi ýokarlandyrmak baradaky uly meýilnamasyny beýan edeninden we wodorod strategiýasyny jikme-jik görkezeninden bäri ilkinji maliýe hasabatydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar