Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy

Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ätiýaçlandyryş instituty — IIHS — doly ölçegli Toyota Tundra XK70 pikapyny barlagdan geçirdi. Barlaglaryň netijesi boýunça ulag Top safety pick+ baýragyny gazandy diýip, IIHS-iň resmi saýtynda habar berilýär.

Ramaly pikap Toyota Tundra IIHS-iň urga durnuklylygyň alty bahasy boýunça oňat bal aldy.Ol sürüjiniň oturan tarapyndan az-kem urgy bolanda öň tarapynyň kraş-synagyny hem öz içine aldy. Şeýle-de, öňde oturan ýolagçy taýdan hem sähel urgy berlip, şonuň ýaly synag geçirildi.

Ondan hem başga, ulagyň islendik çaknyşmanyň öňüni alyş, awtoulaglaryň we pyýadalaryň öňünde awtomatik usulda saklanyp biliş ulgamlaryna-da oňat baha berildi.Toyota Tundra XK70 2021-nji ýylyň sentýabrynda bazara çykaryldy.

Ulag Toyota F1-iň (TNGA-F) şassisiniň üstünde gurlan.Edil şol bazadaToyota Land Cruiser 300 we Lexus LX wnedorožnikleri hem goýberilýär.Tundra resmi ýagdaýda diňe Demirgazyk Amerikada satylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy
Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi