Toyota täzelenen Highlander krossowerini tanyşdyrdy

Toyota täzelenen Highlander krossowerini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropa bazary üçin niýetlenen döwrebaplaşdyrylan Highlander krossoweri bilen tanyşdyrdy. Ulagyň daş görnüşi asla üýtgedilmändir diýen ýaly. Ýöne, reňkleriň palitrasynda täze reňk - Cypress Green (ýaşyl metallik) peýda boldy. Mundan hem başga, ulagy 20 dýumlyk teker diskalary bilen enjamlaşdyrdylar.

Beýleki üýtgeşmeler barada aýdylanda, indi "uly" wersiýalaryň salonynda 12,3 dýumlyk wirtual abzal paneli, 12,3 dýumlyk sensorly displeýi, nawigasiýasy, ses dolandyryjysy, täzelenişleri bulut ulgamyndan awtomatik usulda ýüklemäge mümkinçiligi bolan täze multimedia toplumy peýda boldy. Gurluşa iOS we Android platformalaryndaky mobil gurluşlary simsiz birikdirip bolýar.

Günbatar Ýewropa ýurtlaryna öňküler ýaly, iki elektrik agregat bilen jübütlikde hereket edýän 2,5 litrlik ýel berilmeýän motoryň bazasynda gibrid güýji bolan gurluşly görnüşde hödürlenýär. Ähli hereketlendirijileri jemlenişip, kuwwatyny 246 a.g. çenli artdyrmaga ukyply. Gündogar Ýewropada köne 3,5 litrlik V6 çişirilmeýän agregaty 2,5 litrlik, 269 a.g.-ni berýän "turbadörtlük" bilen çalşyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy-agza hökmünde girizildi
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda temalaryň 12-si boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar
Onlaýn humar oýunlarynyň meşhurlygy artýar, ýaşlar, uly adamlar müňläp pullaryny ýitirýär
Gazly suwlaryň 'utuşly lotereýasy' çagalarda höwes, maşgalalarda alada döretdi
Ýaponiýanyň Fugaku kompýuteri dünýädäki iň kuwwatly superkompýuter adyny saklady
“Car of the Year-2022” bäsleşiginiň finalçylary kesgitlendi