Toyota täze elektrikli krossowerini görkezdi

Toyota täze elektrikli krossowerini görkezdi

Toyota aprel aýynda Şanhaýdaky awtoulag sergisinde ilkinji gezek görkeziljek täze elektrikli awtoulagynyň tizerini hödürledi.

Elektrikli krossower elektrikli awtoulaglar üçin niýetlenen e-TNGA platformasyna esaslanýar. Bu arhitektura awtoulag öndürijisine ölçegleri we merkezi aralygy üýtgetmäge, herekete getirişiň dürli görnüşlerini ulanmaga we batareýanyň kuwwatyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Modeliň esasy tapawutly aýratynlygy nagyşlanan kapody we tigir arkalarynda ullakan gara çyzyklar bolar.

Bu awtoulag orta ölçegli SUV segmentinde öz ornuny alar. Onuň tehniki aýratynlyklary heniz aýan edilmedi, ýöne myş-myşlara görä, krossower 290 güýçli gurnama we 500 kilometr aralyga çenli ýol geçiş ätiýaçlygyna eýe bolar. Elektrikli awtoulagyň Ýewropada we ABŞ-da satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Toyota Crown” modeli tanyşdyryldy
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Toyota elektrikli Toyota Land Cruiser-i tapgyrlaýyn öndürip biler
Ähli modelleri “howpsuzlyk baýragy” alan brend
Dünýäde ýylyň awtoulagy saýlandy
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
“Mitsubishi” elektroulag öndürer