Toyota şereketi Ýaponiýada akylly şäher gurup başlady

Toyota şereketi Ýaponiýada akylly şäher gurup başlady

Toyota şereketi Ýaponiýada akylly şäher gurup başlady. Independent web sahypasynyň habaryna görä, bu şäher daşky gurşawa birleşdirilip bilinjek emeli intellekt we robot pudagyndaky ösen tehnologiýalar üçin synag meýdançasyna öwrüler.

Toyota şereketi Woven City diýlip atlandyrylýan täze akylly şäheri Tokio şäherinden 100 km uzaklykda, Fuji dagynyň eteginde gurup başlady. Onuň Janly laboratoriýa meýdany 71 gektardyr.

Woven City atly täze akylly şäherde üç ýol bolar. Bu üç ýoluň birinjisi pyýada gatnawy üçin, ikinjisi elektrik skuterli pyýadalar üçin, üçünjisi bolsa awtoulaglar üçin niýetlenilendir. Bu ýerde ulanyljak awtoulaglaryň esasy bölegi

Toyota şereketiniň e-Palette atly ählumumy elektrik ulaglaryndan ybarat bolar.

Toyota şereketi tarapyndan gurluşygyna başlanan Woven City atly täze akylly şäherde ilkibaşda dürli ýaşdaky 360 adam, alymlar we kompaniýanyň 2000-e golaý işgäri maşgalalary bilen ýaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kursk Hüjümi Günbataryň we ABŞ-nyň Goldawy Bilen Guralandygyny Öňe Sürýär
Eýran Pakistana elektrik togunyň ýerine tüwi çalşygyny teklip etdi
Täze Zelandiýada “Ýüzükleriň hökmürowany” serialynyň surata düşürilişi tamamlandy
UEFA Çempionlar ligasynyň iň ýyndam futbolçylarynyň sanawyny mälim etdi
Ýaşaýşyň başlangyjy barada maglumat berer
A meeting of the Council of Ministers of Foreign Affairs of the CIS member states was held in the form of a video conference