Ýapon awtomobil firmasy Toýota, Russiýadaky fabrigini ýapdy.
Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginden berlen beýannamada, Toýotanyň San Peterburg şäherindäki fabrigini ýapandygy nygtaldy.
Firmanyň, fabrikde işlän işçilerine we Russiýadaky ulaglaryna berýän goldawyny bolsa dowam etdirjekdigi ýatladyldy.
Rus “Kommersant” gazetinde berlen mesele hakyndaky habarda, Toýotanyň rus bazaryndan çekilmändigi, degişli ätiýaç çaýlaryny tapmakda kynçylyk çekýändigi üçin fabirigiň ýapylmagy barada kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.