Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy

Toyota Land Cruiser 300 we Lexus LX üçin sargytlary kabul etmegi togtatdy

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 300, şeýle hem Lexus LX we NX üçin sargytlary kabul etmegini togtatdy. Bu barada konserniň resmi beýannamasyna salgylanýan Ýaponiýanyň Car-moby neşiri habar berýär. Bu ulaglara dünýä boýunça sargytlaryň sanynyň köpdügi sebäpli şeýle karara gelindi. Kompaniýada awtoulag edinmek isleýänleriň sanynyň Toyotanyň zawodlarynyň önümçilik kuwwatyndan ep-esli agdyk gelýändigini boýun alýarlar.

Bu çäklendirmäniň näçe wagt dowam etjegi heniz mälim däl. Öň Toyota kompaniýasy müşderileriň Land Cruiser wnedorožniginiň täze nesline (indeksi 300) garaşmaly möhleti dört ýyla çekip biler diýip resmi taýdan tassyklady.

Lexus LX-e hem şonçarak garaşmaly bolar. 300 indeksini alan Toýota Land Cruiser wnedorožniginiň täze nesliniň V6 3,5-lik benzin motory, kuwwaty 415 a.g.deň bolan iki sany turbinasy, şeýle hem 299-güýçli 3,3-litrlik turbodizeli bar.

Iki hereketlendirijisi hem on basgançakly awtomat korobka we doly herekete getiriş ulgamy bilen hereket edýär.

Ýene degişli makalalar

Lexus nobata duranlaryň ummasyzdygy sebäpli LX-e we NX-e sargyt almasyny bes etdi
Toyota Tundra IIHS synaglarynda aňrybaş howpsuzlyk reýtingini gazandy
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar
Türkmenistanda ogul atasynyň ornuny alýar