Toyota kompaniýasy çagalaryň arasyndaky Arzuwymdaky awtoulag atly surat çekmek bäsleşiginiň jemini jemledi

Toyota kompaniýasy çagalaryň arasyndaky Arzuwymdaky awtoulag atly surat çekmek bäsleşiginiň jemini jemledi

29-njy dekabrda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Toyota kompaniýasy her ýylda geçirilýän Arzuwymdaky awtoulag atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemini jemledi. Dünýäniň dürli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleri kompaniýanyň Ýaponiýadaky ofisine iberildi. Bu ýerde ýörite topar iň gowy suratlary saýlady.

8-11 ýaş toparyndaky birinji orny Türkmenistandan Amina Agaýewa eýeledi. Gyzjagaz Toyota-nyň baş baýragyna Samsung Tab S9 planşetine mynasyp boldy.

Sylag gowşuryş dabarasy Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri Garagum Ulag HJ tarapyndan Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda geçirildi.

Çärä 250 adam çagyryldy. Olaryň hatarynda Arzuwymdaky awtoulag atly bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşler we olaryň ene-atalary bar. Çagalarda ýakymly täsir galdy. Olara Baba Ýaganyň hileleri atly spektakl görkezildi we Täze ýyl sowgatlary berildi.

Garagum Ulag kompaniýasy ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlaýar!

Ýene degişli makalalar

Eýranda Ýene-de 1 Adam Asylyp Öldürildi
Eýranda Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Sardar Salami: Al Saud media oýunlaryny oýnamagy bes etmelidir
Raisi: Baýdeniň sözleri adam hukuklaryny we parahatçylygy goldaýandygy baradaky ýalanyny paş etdi
Häkimiýet baştutanlary: Duşmanlar bitewi Eýrany öz bähbitlerine howp hökmünde görýärler
Sedigi: Eziji dünýäsi, ulumsylyk dünýäsi, Amerika, Sionizm we Takfir fronty hakykat we adalat bilen çözüp bolmajak söweşi alyp barýar