Toyota elektrikli Toyota Land Cruiser-i tapgyrlaýyn öndürip biler

Toyota elektrikli Toyota Land Cruiser-i tapgyrlaýyn öndürip biler

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kärhanasynyň öndürijileri täzelenen elektrikleşdirilen "Land Cruiser SUV"-yň tapgyrlaýyn modele öwrülip biljekdigini inkär etmeýärler. Bu barada carsweek.ru habar berýär.

Häzirki wagtda bu awtoulagyň diňe bir nusgasy bar. Ýöne onuň ýük üçin niýetlenen Land Cruiser 70 şassisindäki synag elektrikli ulagy “Toyota”-nyň Awstraliýadaky bölüminiň hünärmenleri tarapyndan öndürildi.Awtoulag BHP kompaniýasynyň sargydy bilen işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda ol ýurduň günortasyndaky nikel ýatagynda işlemek üçin işjeň ulanylýar.Awstraliýaly kompaniýa 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny 30% azaltmak isleýär. Ähli iş enjamlaryny elektrik çekişine geçirmek bilen, öndürijiler munuň kompaniýanyň ösmegine, ekologiýa taýdan arassaçylygy gazanmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ulaglar gymmatlaýar, söwdagärler häkimiýetleriň gysyşynyň güýçlenendigini aýdýarlar
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser 250 kysymly ulagyň tanyşdyryşyny geçirdi
Garagum Ulag kompaniýasy täze Toyota Land Cruiser Prado ulagyny tanyşdyrdy
Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
Dünýä belli hindi işewüri aradan çykdy
Jemleýji bäsleşigiň ýeňijisine “Toyota Land Cruiser” ýeňil awtoulagy gowşuryldy
Russiýanyň Belarussiýa ýadro ýarag ornaşdyrmak baradaky kararyna reaksiýa bildirilýär