Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi

Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi

2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemi boýunça awtoulag satmakda Toyota kompaniýasy dünýäde öňdeligi eýeledi diýip, Bloomberg habar berýär. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, önümçiligiň 5,8% pese gaçandygyna garamazdan, ýapon konserni Toyota, Lexus, Daihatsu we Hino kysymly awtoulaglaryň dünýä boýunça 3 429 636-syny satmagyň hötdesinden geldi.

Şol bir wagtda Toyota ýapon bazarynda 16,3%-i (692 370 ulag satyldy) ýitirdi. Dünýäniň galan böleginde bolsa peseliş 2,7% boldy.

Dünýä boýunça hasaplanyňda ikinji ýer Volkswagen AG (Volkswagen, Skoda, Seat/Cupra, Audi, Lamborghini, Bentley, Porsche, MAN, Scania we Navistar brendleri bar) konsernine degişli.Satuwlar 26%, 2 414 800 ulaga çenli kemeldi.

Sebäbi — hytaý bazaryndaky konserniň işine uly täsirini ýetirýän kynçylyklar.Ol ýerde Volkswagen AG-niň satuwy birden 30% peseldi.Ondan hem başga, nemes konserni Ukrainadaky çökgünlik sebäpli hasam uly kynçylyklara sezewar boldy: kompaniýanyň köp zawodlary toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligini togtatmaly boldular.

Ýene degişli makalalar

Bilelikde zarýad bekedi gurarlar
“Volkswagen”-iň işi ilerleýär
Gaz bilen işleýän gibrid ulag
Şäheriçi elektrokaryny tanyşdyrdy
Peýdasy 9,6 milliard ýewro
“Volkswagen”-iň täze maksady